26-njy maýda  Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk meselelere garaldy.

Onuň barşynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, geçirilen baýramçylyk çäreleri, öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, tomusky möwsümi guramaçylykly geçirmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, alnyp barylýan işleriň ýokary derejä eýe bolmagy, Türkmen halysynyň baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi, şäheriň şaýollarynyň, köçeleriniň, gök zolaklarynyň göwnejaý derejede saklanylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şanly seneler mynasybetli guralýan çäreler häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ulularyň we çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak maksady bilen degişli gulluklar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekip, häkime ozaly bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan —Bitaraplygyň mekany» ýylynyň dowamynda meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermek gerek diýip belledi.