UNISEF bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky binasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda garalan esasy mesele BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça komitetine Milli hasabatyň taýýarlanylmagyna bagyşlandy.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guralan onlaýn duşuşygyna Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyna girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýokary hilli hem-de dünýä ölçeglerine gabat bilim we terbiýe almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen ýaş nesilleriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 22-nji maýda gol çeken Karary hem hut şu ugra gönükdirilendir. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.