Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Belizden gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awision kerosinini we awtobenzin satyn aldylar. Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen gönüleýin benzin satyn satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplügi satyn alyndy. Satyn alan ýurtlar: BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Gruziýa, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 696 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Kanadadan we Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 10 million 225 müň manada golaý bolan haly önümlerini we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 13 million 915 müň manatlyk polipropilen satyn alyndy.