Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ylymlaryň doktory, professor Iwan Kuzmin bilen geçirilen onlaýn duşuşykda oba hojalyk pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesine garaldy.

Bu duşuşyk wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere esasy ylmy edaralaryň hünärmenleri we görnükli oba hojalykçy alymlar bilen bu ugurda öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin yzygiderli ýagdaýda duşuşyklary geçirmek boýunça beren tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşi bilen hyzmatdaşlyk bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.