25-nji maýda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşyk iki ýurduň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Rejep
Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamyna
öwrüldi.
Onlaýn duşuşygyň barşynda ministrler döwletara gatnaşyklary
işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dünýäniň häzirki
ýagdaýlaryny nazara almak bilen ýakyn geljek üçin özara mümkinçilikleri amala
aşyrmagyň täze ugurlaryny kesgitlediler. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň tejribesine
daýanmak bilen, COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek
boýunça tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Iki ýurduň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary sebitdäki we dünýädäki
ýagdaýlary nazara almak bilen, syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda
meseleleriň giň toplumy boýunça iki ýurduň özara gatnaşyklaryna seretdiler.
Taraplar serhetlerde sanitar we fitosanitar gözegçiliginiň talaplaryna laýyklykda
daşalýan ýükler we harytlar üçin «ýaşyl geçelgeleriň» ýola goýulmagyna uly
ähmiýet berdiler.