Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergi
geçirildi. Bu sergi şähergurluşygy, şäher düzümini kemala getirmek babatda
gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri açyp görkezdi.
Sergini guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat
edarasy paýtagtymyzyň durmuş we ykdysady toplumyny birleşdirip, oňa
ykdysadyýetiň hem-de maliýe-bank ulgamynyň, bilim we medeniýet, sport hem-de
syýahatçylyk edaralarynyň, hususy telekeçiligiň kärhanalaryny girizdiler.
Şu ýyl sergä gatnaşyjylaryň 70-den gowragy, şol sanda firmalaryň we
kompaniýalaryň, hususy telekeçiligiň wekilleri öz öndürýän önümleriniň hilini we
köpdürlüligini görkezdiler.
Bu ýerde telekeçiler «Akdaş» miwe içgilerini, şol sanda «Eçil», «Joş» ýaly
miwe suwlaryny we beýlekileri, «Bereketli», «Özgeriş», «Elin» hem-de «Salkyn»
hususy kärhanalarynyň öndürýän şöhlat, süýt we peýnir önümlerini görkezdiler.
Sarp edijileriň arasynda öz süýji tagamlary bilen meşhur bolan «Hasar» süýji-köke
önümleri hem bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Sergide meşhur «Çigildem», «Aýbölek», «Ak bulut», «Çaly», «Rysgally
zähmet», «Ussat inžener» we beýlekiler öz önümleri hem-de hyzmatlary bilen
tanyşdyrdylar.
Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda şähergurluşygynda we senagat
pudagynda, ýol-ulag düzüminde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan
edaralar we kompaniýalar bar. Şol hyzmatdaşlaryň hatarynda «Bouygues
Turkmen», «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret»,
«Wozroždeniýe» paýdarlar jemgyýeti şäher gurşawynda ýaşamak üçin iň gowy
şertleri üpjün etmek hem-de şäher hojalygyny dolandyrmak, şol sanda dürli
desgalary gurmak, ýollary çekmek, işjeň dynç alyş ulgamy bilen bagly innowasion
işler we tehnologiýalar bilen tanyşdyrdylar.