Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň
tamamlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu gün 80 müňe golaý uçurym
özbaşdak durmuşa gadam goýdy.
Şu dabaraly günde mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri,
okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlaýan okuwçylar, ýurdumyzyň ähli
künjeklerinden bolan dürli ders hem-de döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri
halkymyzyň watançylygyny we jebisligini, milli gymmatlygymyza çäksiz hormata
şaýatlyk edýän üstünliklerimizi hem-de gazananlarymyzy alamatlandyryp, asmana
uzap, belentde buýsanç bilen parlaýan ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň
meýdançasyna gül desselerini goýdular.
Okuw ýyllarynda dürli sport ýaryşlarynda mekdebiň abraýyny gorap, ol ýa-da
beýleki ders boýunça bäsleşiklerde ýeňip, döredijilik bäsleşiklerinde hem-de çeper
höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, tapawutlanan mekdep
okuwçylary Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.