Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýörite maslahat täze aýratyn howply ýokanç kesele garşy göreşmek maksady bilen, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işinde ulanylýan lukmançylyk usullaryna bagyşlanyldy.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde guralan maslahata gatnaşyjylar sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä tejribesinde ulanylýan çäreler, hususan-da, döwletara serhedinden geçýän raýatlary lukmançylyk barlagyndan geçirmek düzgüni bilen tanyşdyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tejribesine hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek meselelerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda sebitiň ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen geçirilýän bilelikdäki işlere ýokary baha berildi.
Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar bu mesele boýunça pikir alşyp, halkara hyzmatdaşlygyň hem-de şeýle duşuşyklaryň çäklerinde utgaşykly hereketleriň möhümdigini bellediler.