18-nji maýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrýar. Paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow özygtyýarly Watanymyzyň döwlet esaslarynyň, onuň demokratik ýörelgeleriniň we häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýän köpasyrlyk halk häkimliligi dessurlarynyň bitewüligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz belent başly baýdak sütüniniň etegine dabaraly ýagdaýda gül çemenini goýdy.
Şu gün tutuş ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ol halkymyzyň bozulmaz agzybirligini, bitewüligini, onuň şöhratly pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine, bagtly häzirki we geljekki durmuşyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny, Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.