Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow şu ýyl okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we hususan-da, «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
25-nji maýda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň baş meýdançalarynda köpsanly uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleriň guraljakdygy habar berildi.
Dabaralaryň çäklerinde tapawutlanan zehinli okuwçylara, halkara olimpiýadalarynyň we ders bäsleşikleriniň baýrak eýelerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylar. Orta bilim berýän mekdepleriň uçurymlary paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda ýerleşýän milli mukaddesliklerimize gül çemenlerini goýarlar. Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly şygar astynda geçiriler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özbaşdak durmuşa gadam urýan ýaş türkmenistanlylaryň «Soňky jaň» dabarasy baradaky ýakymly ýatlamalaryň ýatlarynda galmagy üçin baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.