Söwda-senagat edarasynyň binasynda şanly senä — Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy
geçirildi. Dürli edaralar tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň bu tapgyrynda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady hem-de daşary
syýasy strategiýasynyň, umumymilli hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň
üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň durmuşynyň ol ýa-da beýleki
ulgamynda – senagatdan başlap, sungata çenli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň
netijeleri barada gürrüň açylýar. Tanyşdyrylyş dabarasyna döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we Mejlisiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de professor- mugallymlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, bilim alýan ýaşlar
ýygnandylar. Şeýle hem dabara halkara guramalaryň Aşgabatda işleýän wekilleri
çagyryldy. Çärä gatnaşyjylar üçin kitap sergisi guraldy, onda täze neşirler bilen bir
hatarda, milli Liderimiziň ylmy-köpçülikleýin işleri görkezildi.
Dürli reňkli suratlar bilen ajaýyp bezelen täze neşirler üç dilde: türkmen, iňlis,
rus dillerinde çap edilip, Türkmenistanyň umumy, şeýle hem pudaklar boýunça
ösüşiniň aýratynlyklaryny we kanunalaýyklygyny hünär derejesinde öwrenýänler
we gyzyklanma bildirýänler üçin peýdaly bolar.