Söwda-senagat edarasynyň binasynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dürli edaralar tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň bu tapgyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady hem-de daşary syýasy strategiýasynyň, umumymilli hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň durmuşynyň ol ýa-da beýleki ulgamynda – senagatdan başlap, sungata çenli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeleri barada gürrüň açylýar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we Mejlisiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de professor-mugallymlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, bilim alýan ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem dabara halkara guramalaryň Aşgabatda işleýän wekilleri çagyryldy.

Çärä gatnaşyjylar üçin kitap sergisi guraldy, onda täze neşirler bilen bir hatarda, milli Liderimiziň ylmy-köpçülikleýin işleri görkezildi.

Dürli reňkli suratlar bilen ajaýyp bezelen täze neşirler üç dilde: türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilip, Türkmenistanyň umumy, şeýle hem pudaklar boýunça ösüşiniň aýratynlyklaryny we kanunalaýyklygyny hünär derejesinde öwrenýänler we gyzyklanma bildirýänler üçin peýdaly bolar.