Daşary işler ministrliginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi, olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank-maliýe, medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly strategik ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek babatda pikir alyşdylar. Şunda işewür gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.