Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärä — Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga geldi.

Berdimuhamet Annaýew Watanyň ilkinji çagyryşyna seslenip, fronta gitmek bilen, 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunda mertlerçe söweşdi. 1943-nji ýylyň sentýabrynda ilkinjileriň hatarynda Dnepr derýasyndan geçdi. Şol agyr söweşde polkuň söweşjeň baýdagy uly derýadan geçen esgerleriň edermenliginiň hem-de çäksiz batyrlygynyň nyşanyna öwrüldi.

Berdimuhamet Annaýew uruşdan agyr ýaraly gaýdyp gelip, Watany goramakda hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanyldy.

9-njy maýda XX ýüzýyllygyň iň gazaply we gandöküşikli urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy dabaraly bellenende, Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary general-polkownik Aleksandr Fominiň baştutanlygyndaky wekiliýet hormatly wezipe bilen — 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny gowşurmak üçin ýurdumyza geldi.

Parahatçylykly döwürde Berdimuhamet Annaýew mugallymçylyk işini dowam edip, ildeşlerimiziň arasynda päk ýatlamalary goýdy. Bilim bermekde alyp baran yhlasly işleri üçin, ýokary döwlet sylagy bolan “Hormat nyşany” ordenine mynasyp boldy, ýöne ony alyp ýetişmedi: ol 1948-nji ýylyň aýylganç ýertitremesinde şehit boldy.