Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň köçelerine welosipedde bilelikde aýlanan wagty milli Liderimize Aşgabady hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak, ekilen baglara, seýilgäh zolaklaryna degişli derejede ideg etmek, şäheriň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda gurluşyklaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine, ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şäherde alnyp barylýan 27 sany toplumlaryň we desgalaryň gurluşyk işleri olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, häzirki zaman inženerçilik-tehniki desgalarynyň ýerleşdirilişine, umuman, şäheriň hemmetaraplaýyn ösüşine laýyk gelmelidir.

Bu işleriň baş maksady Aşgabadyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini, onda şäher ilatynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegini göz öňünde tutmalydyr. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäherde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, paýtagtymyzyň ähli çäkleriniň bagy-bossanlyga bürelmegine, şol birwagtyň özünde amatly dynç alyş üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar hem-de häzirki döwürde gurluşygy dowam edýän desgalar barada hasabat berdi we bu ugra degişli taslamalary, çyzgylary görkezdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.