“Give Me Sport” portaly Çempionlar ligasynyň taryhynda iň köp garşydaş toparlaryň derwezesine pökgi geçiren futbolçylaryň sanawyny neşir etdi. Şol sanawda ortaça iň köp gol geçiren futbolçylaryň ady mälim edildi. Bu babatda hem Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly ýyldyzy Lionel Messi öňdeligi eýeledi.

Bu sanaw barada:

Her oýunda 0.81 gol – Messi (“Barselona”)

0.77 – van Nistelroý (“Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid”)

0.76 – Kristiano Ronaldo (“Ýuwentus”)

0.74 – Lewandowski (“Bawariýa”)

0.61 – Neýmar (PSŽ)

0.57 – Filippo Inzagi (“Ýuwentus”, “Milan”)

0.56 – Kawani (PSŽ)

0.55 – Serhio Aguero (“Mançester Siti”)

0.54 – Benzema (“Real Madrid”)

0.50 – Raul (“Real Madrid”)

Lionel Messi Çempionlar ligasynda “Barselona” toparynyň düzüminde 141 duşuşykda oýnap, 114 gezek tapawutlanmagy başardy.