ABŞ-nyň Jeksonwilde (Florida) şäherinde “UFC 249” atly garyşyk söweş sungaty boýunça bäsleşik geçirildi. Bu ýaryşyň esasy wakasy Toni Fergýuson we Jastin Getžiniň arasyndaky duşuşyk boldy. Iki türgene-de wagtlaýyn ýeňil agramda çempion bolmak ady garaşýardy.

Ilkinji iki raundda türgenlere onçakly bir köp garşydaşyndan üstünlik gazanmak mümkinçiligi bolmady. Türgenleriň ikisi-de birnäçe takyk hüjümler bilen birek- biregi barladylar. Ikinji bäş minutyň ahyrynda Fergýusonyň güýçli urgusyndan soň, Getži deňagramlylygyny ýitirdi.

Üçünji raundda Getži doly artykmaçlygy eýeledi, Fergýusonda bolsa gematoma emele geldi. Dördünji raundda Jastin doly derejede garşydaşyna garşy hüjümini artdyrdy.

Bäşinji raundda Fergýuson özüni gorap bilmedi we has köp urgylary goýberdi. Raunddyň ahyrynda emin Herb Dean tutluşygy bes etdi. Şeýlelikde, Jastin Getži ýeňil agramda wagtlaýyn çempion diýen adynyň eýesi boldy.

Ol indi russiýaly Habib Nurmagomedow bilen duşuşmaly bolýar.