11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn iş maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Alžiriň, Litwanyň, Perunyň, Serbiýanyň, Gruziýanyň, Kanadanyň daşky gurşawy goramak boýunça ygtyýarly edaralarynyň we Daşary işler ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekilleri wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň dowamynda 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasynyň işlenip taýýarlanyşy boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.