Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymzyzň «Mekan» Köşgünde uruş weteranlaryny we wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny gutlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda olara «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

«Mekan» Köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen foýesinde şanly sene mynasybetli söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygy hem-de edermenligi we tylda zähmet gahrymançylygy bilen Ýeňşe goşant goşanlar barada gürrüň berýän žiwopis eserleriniň, fotosuratlaryň we kitap neşirleriniň sergisi guraldy.

Urşuň ilkinji günleri ildeşlerimiziň müňlerçesi meýletinlik bilen fronta gidip, gazaply söweşlerde batyrgaýlyk we edermenlik görkezdiler. Olaryň ençemesi Gahrymanyň ýokary adyna mynasyp boldular, müňlerçesi, köpüsi wepat bolandan soň ordenlerdir medallar bilen sylaglandy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny, tylda zähmet çekenleri gutlamak dabarasy geçirildi.