Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk» mowzugy boýunça wideomaslahat geçirildi.

Onlaýn duşuşygyna birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, syýasatşynaslar, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň lukmançylyk uniwersitetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň we dünýäniň 20 ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda howply ýokanç keselleriň, şol sanda ynsan saglygy üçin uly wehim bolup durýan täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almak boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary netijä eýe bolýandygyny bellediler hem-de Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary babatda pikir alyşdylar. Ýygjam hyzmatdaşlykda adamlaryň saglygyny goramak boýunça köp sanly taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylandygy hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtady.