Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde geçirilen syýasy geňeşmeleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri we onuň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler girizildi.

Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklamak bilen, ýokary we hökümetara derejelerinde, şeýle hem iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary giňeltmegiň, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri nazara almak bilen, işewür gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seredilen meseleleriň hatarynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, Türkmenistanda hem-de Türkiýe Respublikasynda guralmagy meýilleşdirilýän dürli festiwallara we beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleler geňeşmelerde esasy mowzuklaryň biri boldy.