Ahal welaýatynyň Änew şäherinde weterinar bejerişhanadan uzak bolmadyk aralykda haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum bina edildi.
Haýwanlary halaýan köpsanly adamlar dynç almaga ýa-da iş saparyna gitmek bilen, özleriniň öýde ýok wagtlarynda saklaýan jandarlaryny nähili gözegçilikde saklap bolar diýen mesele bilen köplenç ýüzbe-ýüz bolýarlar. Zerur üns-alada we ideg bilen seredip biljek ýakyn garyndaşlar ýa-da dostlar bolsa-da has gowy. Ýöne beýle mümkinçilik hemişe bolup durmaýar. Şunda hem öý haýwanlaryny saklaýan eýeleri üçin haýwanlara niýetlenen myhmanhanalar kömek eder.
Haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum ýa-da olara niýetlenen myhmanhana döwlet derejesinde döredilen Türkmenistandaky şunuň ýaly edaralaryň ilkinjisidir. Toplum öý haýwanlaryny: pişikleri, itleri, guşlary we beýlekileri wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen toplumdyr, şeýle hem bu ýerde balyklary saklamak üçin akwarium hem göz öňünde tutulypdyr.
Müşderiniň ýüz tutmagy ilkinji weterinar gözegçiliginden başlanýar, çünki haýwanlara niýetlenen myhmanhana diňe sagdyn haýwanlar üçindir. Hünärmen öý haýwanynyň ýagdaýyny barlanyndan we onuň saglygyny tassyklanyndan soň, jandar hasaba alynýar.
Taslamany işläp düzüjiler toplumyň hem-de dünýä tejribesiniň hödürläp biljek köpdürli hyzmatlara bolan islegleri seljerdiler we göz öňünde tutdular. Şoňa görä-de, eýeleri öýde ýok wagty öý haýwanlaryny hünärmenleriň ygtybarly ellerinde goýup, haýwanlara niýetlenen täze myhmanhananyň jandarlara hökman ýarajakdygyna ynamly bolup biler.
Toplumyň özi Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk görkezmelerine laýyklykda bina edildi. Haýwanlar üçin myhmanhana gurlanda, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň talaplaryndan ugur alyndy. Şol talaplara laýyklykda, şeýle binalar ýaşaýyş jaýlaryndan 150 metrden az bolmadyk aralykda ýerleşmelidir.
Myhmanhananyň wezipesine jandarlaryň howpsuzlygyny we oňaýly saklanylmagyny üpjün etmek, onuň gaçyp gitmek ýa-da bu ýerde bolýan döwründe şikes almak mümkinçiliginiň öňüni almak, weterinar gözegçiligi we zerur bolan ýagdaýynda weterinar kömegini bermek, haýwanlaryň öz wagtynda iýmitlenmegini guramak, arassa howada gezdirmek, saklanylanda arassaçylyk-gigiýena kadalaryny berjaý etmek ýaly wezipeler girýär.