Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda ýöriteleşdirilen edara-kärhanalarynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermeginde UNWTO-nyň geçirýän «Healing Solutions Тourism Challenge» atly halkara bäsleşigine gatnaşmagy bilen bagly meseleler esasy temalaryň biri boldy.
Bu ählumumy çäre COVID-19 bilen baglylykda emele gelen ykdysady şertlerde syýahatçylyk işini goldamagyň netijeli çözgütlerini, şeýle hem pandemiýadan soňra pudagy dikeltmegiň innowasion usullaryny gözläp tapmaga gönükdirilendir. Saýlanyp alnan taslamalar tutuş dünýä boýunça ministrlikleriň 150-siniň arasynda ýaýratmak üçin sanly buklede giriziler, has gyzykly pikirleriň halkara tanyşdyryş çäresi guralar. Şeýle hem bäsleşigiň ýeňijilerine UNWTO Innovation Network guramasyna girmäge mümkinçilik alarlar. Häzir oňa işine täze başlan hem-de öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýalarynyň, iri korporasiýalaryň, maýadarlaryň, döwlet edaralarynyň we okuw mekdepleriniň ýüzlerçesi girýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda syýahatçylygyň döwrebap düzüminiň döredilmegine, sanatoriýa – şypahana, myhmanhana işlerinde hem-de syýahatçylyk pudagynyň dürli ugurlarynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini nygtady. Munuň özi ykdysadyýetiň degişli ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar.