Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Ýygnananlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek baradaky kabul edilen çözgüdiň wajypdygyny bellediler.
Assosiasiýanyň döredilmegi bilen türkmen alabaýlaryny köpeltmek boýunça işler täze derejä çykarylar, munuň özi olary terbiýelemäge we saklamaga has çuňňur aralaşmaga giň mümkinçilik berer. Assosiasiýanyň döredilmegi ýurdumyzda itleriň bu şöhratly tohumynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga, olary köpeltmäge hem-de gorap saklamaga ýurdumyzda ägirt uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Bularyň ählisi tejribeli hünärmenleriň öňünde-de, ýaş itşynaslaryň öňünde-de durýan ençeme möhüm wezipeleri oňyn çözmäge, şol sanda bu tohumyň aýratyn gymmatly taraplaryny ösdürmäge, bu işlerde itleri köpeltmegiň gadymy däplerini ulanmaga, şeýle hem tejribe toplamaga we olary alyşmaga mümkinçilik berer.
Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde «Türkmen alabaý itleri» merkezlerini gurmak baradaky teklibi beýan edildi. Bu işiň hususy gurluşyk kärhanalaryna tabşyrylýandygy baradaky habar ýygnananlar tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Mundan başga-da, täze weterinar bejerişhanalary gurlar.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda guruljak «Türkmen alabaý itleri» täze merkezleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlaryny mundan beýläk-de wagyz etmekde hem-de şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm orny eýelejekdigi nygtaldy.