Onlaýn görnüşde guralan leksiýa Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň işine bagyşlandy. Bu guramanyň Ženewada ýerleşen ştab-kwartirasyndan geçiş ykdysadyýetli we ösen ýurtlar departamentiniň direktory Mihal Swantner hem-de şol departamentiň Kawkaz, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ilýa Gribkow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen wideoaragatnaşyga çykdylar.
Ady agzalan ýokary okuw mekdepleriň her birinde onlaýn görnüşde berlen leksiýalaryň barşynda Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň wekilleri guramanyň düzümi, intellektual eýeçilik babatda bilimleri we endikleri giňeltmek üçin ulanylýan okuw maksatnamalary barada diňleýjilere habar berdiler.
Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryň biri bolmak bilen, intellektual eýeçiligi goramagyň, innowasiýalary işläp taýýarlamagyň we ilerletmegiň milli ulgamlaryny ösdürmäge ýardam edýär. Guramanyň düzümine 193 sany döwlet, şol sanda Türkmenistan girýär.