Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onda Hazar deňzi — Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek hakynda dört taraplaýyn hökümetara ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary ýurtly bilermenler iri ulag-logistika merkezi hökmünde Hazar sebitiniň wajyp ornuny bellediler. Nygtalyşy ýaly, Hazar we Gara deňizleriniň sebitleriniň bir bitewi ulag geçelgesine birleşdirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy, önümçilik we energetika, söwda, maýa goýumlary ulgamlaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar dürli ugurlarda durnukly ýük daşamalary üpjün edýän logistika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini bellediler.