Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNСTAD) we Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda awtomobil ulaglary we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň yklymyň iri ulag geçelgesi hökmündäki wajyp ornuny nazara almak bilen, sebitleýin hyzmatdaşlyga işjeň häsiýet bermek maksady bilen utgaşykly ulag syýasatynyň geçirilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Şeýle hem kanunçylygy we bahalary hem-de beýleki çäreleri utgaşdyrmak meselelerine deglip geçildi. Bu çäreler işewür düzümleriň işini ýeňilleşdirmäge we ýük akymlarynyň ösüşine hem-de daşary söwdanyň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.