Ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda geçirilen wideomaslahatda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda «Tölegli maslahat hyzmatlary» atly ylalaşygyň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň esasy ugurlaryna garaldy.
Bellenilen ylalaşygyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimizde, hususan-da, döwlete dahylly bolmadyk pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hususy maliýe edaralary, kiçi kärhanalar, ýurdumyzyň orta we iri kompaniýalary üçin maýa goýumlary gönükdirmegiň hem-de maslahat hyzmatlaryny bermegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminamanyň çäklerinde işewür ulgamdaky özgertmelere we bank düzümlerinde köpçülikleýin dolandyryş işlerine goldaw bermek, şeýle hem karz hasabat ulgamyny işläp taýýarlamaga ýardam bermek, makroykdysady statistikany berkitmek boýunça çäreleri guramak meýilleşdirilýär.