6-njy maýda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň birnäçe şäherlerine we ilatly ýerlerine ägirt uly weýrançylyk getiren tebigy betbagtçylyk zerarly Özbegistanyň halkyna çuňňur duýgudaşlyk sözlerini aýdyp, türkmen tarapynyň heläkçilik çeken etraplara zerur kömegi bermäge hem-de degişli düzümleri dikeltmek üçin enjamlary, işçi güýjüni ibermäge we zerur bolan ýardamlary etmäge taýýardygyny aýtdy.
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde çynlakaý synaga öwrülen täze wirus pandemiýasyna mundan beýläk-de garşy durmak wezipeleri bilelikdäki netijeli we aýgytly işleriň amala aşyrylmagyny talap edýär. Milli Liderimiz koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine we halkara gatnaşyklara ýaramaz täsir edýändigini belläp, bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmek, onuň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklara ýaramaz täsirini peseltmek üçin tagallalaryň işjeňleşdirilmelidigini nygtady.
Hususan-da, gürrüň iki ýurduň serhet ýakalarynda utgaşykly öňüni alyş-karantin işleriniň amala aşyrylmagy barada barýar. Bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler degişli öňüni alyş çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmäge, serhetden geçýän raýatlaryň lukmançylyk barlaglary üçin zerur şertleri döretmäge, iki döwletiň çägi boýunça hereket edýän ulaglary we ýükleri zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde «Farap — Alat» barlag-geçiriş bölüminde işler sazlaşykly alnyp barylýar. Türkmenistan öz tarapynda zyýansyzlandyrma boýunça terminal gurdy. Şunuň ýaly işler özbek tarapynda hem alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz özbek hyzmatdaşlary bilen mundan beýläk-de ýygjam gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyr.
Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.