DIM-de sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ÝHHG-niň baş sekretary Tomas Greminger Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Geçirilen gepleşiklerde syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalar boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Olar howpsuzlygy berkitmek, häzirki zaman wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmek, ykdysadyýeti köpugurly esasda ösdürmek, energonetijeliligi ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy durmak ýaly möhüm ugurlardaky tagallalaryň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
ÝHHG-niň baş sekretary şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde onlaýn görnüşinde okuw sapagyny geçirdi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy.