Täzelikleri alyşmak ulgamynda özara dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi hem-de “Belarus telegraf agentligi” Respublikan unitar kärhanasy diplomatik ýollar arkaly habarlary alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler.
“BELTA” Belarus Respublikasynyň ýüzýyllyk taryhy bolan iri habarlar agentligidir, ol 180 ýurtda okyjylar üçin 6 dilde habarlary ýaýradýar. Häzirki wagtda Belarus telegraf agentligi ýurduň hem-de dünýäniň resmi habarlarynyň we täzelikleriniň esasy çeşmesi bolup durýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýäniň iri media-kompaniýalary, şol sanda Azerbaýjanyň döwlet habarlar agentligi (AzerTAj) we Trend halkara habarlar agentligi, “Associated Press of Pakistan” (Pakistan) korporasiýasy, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi, “Kazinform” Halkara habarlar agentligi, Russia Today (RTTV) telewizion ýaýlymy we beýlekiler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk dörediji daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.