Daşary işler ministrliginde Halkara ulag forumynyň Baş sekretary jenap Ýoung Tae Kimuň we Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna dolandyryş taýdan goşulyşan Halkara ulag forumy (Itf) hökümetara gurama bolup durýar, 60 ýurt bu guramanyň agzasydyr. Bu Forum ulag syýasaty boýunça seljerme merkezi hökmünde çykyş edýär hem-de ulag ministrleriniň her ýylky sammitini guraýar, sammitlere dürli halkara guramalaryň ýolbaşçylary, parlamentariler, işewürler bileleşikleriniň hem-de dünýäniň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Ýoung Tae Kim ulaglary ösdürmek we döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegine ýardam berýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary döretmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň tejribesine ýokary baha berip, özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýurdumyz bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.