Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2019-2020-nji ýyllar aralygynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen orta mekdepleriniň, orta we başlangyç hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriň talypdyr professor mugallymlarynyň arasynda geçirilen XI sport ýaryşlarynyň jemi jemlendi. Ýaryşlar Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrligi we ministrligiň “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy hem-de Bilim ministrligi tarapyndan geçirildi.

Ýaryşyň nobatdaky tapgyrynyň netijeleri boýunça orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda baýrakly 1-nji orny Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary, orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriň talyplarynyň arasyndaky ýaryşlarda bolsa öňdeligi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary, ýokary okuw mekdeplerimiziň professor mugallymlarynyň hem talyplarynyň arasyndaky bölekleýin ýaryşda bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary ýeňiji boldy. Ondan başga-da ýaryşynyň çäginde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň gullukçylaram öz güýjüni synady. Bu synanşykda bolsa, ýagny Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň arasyndaky ýaryşda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň arasyndaky ýaryşda bolsa Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndysy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky güýç synanyşykda bolsa Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary 1-njiligi elden bermedi. Ýeňijileriň ýeňiş paýy hökmünde bolsa bu ýaryşy gurnaýjylara ýakyndan kömek eden Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan ýeňijilere gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeri gelende bellesek, ýaryşlar okuwçylaryň arasynda 11 görnüş boýunça, ýokary okuw mekdepleriniň we gulluk edaralarynyň arasynda bolsa 21 görnüş boýunça geçirildi. Däbe öwrülen bu sport ýaryş hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport syýasatynyň bilim işgärleriniň arasynda hem oňyn netije tapýandygynyň nyşany.