Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de Şweýsariýanyň «SICPA SA» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.
Gepleşigiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardan alýan hem-de daşary ýurtlara ugradýan harytlaryny belgilemek, öndürilýän möçberlerine gözegçilik etmek hem-de harytlaryň hereketine monitoringi amala aşyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň barşynda taraplar harytlary belgilemek üçin ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek işinde özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.
Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de «SICPA SA» (Şweýsariýa) kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek we strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu kompaniýa enjamlary işläp taýýarlamak we öndürmek hem-de harytlary belgilemek üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamakda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolup durýar.