4-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri BSG-sy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň jemleri boýunça ilkinji ädim hökmünde Türkmenistanyň bu guramanyň işine synçy derejesinde gatnaşmagy baradaky netijä gelindi.
Mejlise gatnaşyjylar Hökümet toparynyň 2019-njy ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatyna seredip geçdiler we Türkmenistanyň ykdysady syýasaty we daşary söwda tertibi hakyndaky synyň gutarnykly görnüşi bilen tanyş boldular.
Belläp geçsek, häzirki wagtda Bütindünýä söwda guramasyna dünýäniň 164 döwleti agza bolup durýar. Şeýle hem 24 döwlet bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär. Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak we bu guramanyň işine gatnaşmak bilen bagly meseleleri öwrenmek üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli Hökümet topary döredildi.