Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer P.Agamyradow hökümet mejlisinde habar berdi.
Hususan-da, Bilim ministrliginiň hünärmenleri orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini guramak boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyny taýýarladylar. Ähli çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylaryny kabul etmäge işjeň taýýarlyk görülýär, sport we oýun meýdançalary we beýleki köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerleri dynç alyş möwsümine taýýarlanylýar.
Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Aşgabat şäher hem-de welaýat häkimlikleri tarapyndan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde arassaçylyk işlerine bildirilýän kadalara laýyklykda gözegçilik ediler.
Häzirki wagtda tejribeli mugallym-terbiýeçiler we olaryň kömekçileri bolan talyplar bilen tapgyrlaýyn taýýarlyk okuwlaryny guramak boýunça işler alnyp barylýar.
Bilim ministrligi tarapyndan medeni-köpçülikleýin, sport-sagaldyş çäreleriniň toplumlaýyn meýilnamasy taýýarlanylýar. Şol çäreler, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna we gyzyklanmalaryna laýyklykda, olaryň tebigy zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açmaga hem-de täsirli, şadyýan dynç almaklaryna gönükdiriler.
Köp sanly mekdep okuwçylaryny dynç alyş möwsümine işjeň çekmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine hem-de döredijilige ugrukdyrmak, olarda watansöýüjilik duýgularyny terbiýelemek maksady bilen, paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky orta mekdeplerdäki we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň töweregindäki sport meýdançalar hem dynç alyş möwsümine taýýarlanylýar.