4-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
Onuň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi.
Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistan sebitleýin we ählumumy möçberde abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän giň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoforumda çykyş edip, adamzat üçin uly wehim bolan wajyp meselä bagyşlanan bu gezekki ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz dünýäniň ykbaly üçin umumy jogapkärçilik bilen birleşen 120 döwleti öz içine alýan Goşulyşmazlyk hereketiniň bu meseläniň çözülmeginden daşda durup bilmejekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şu nukdaýnazardan, onlaýn arkaly geçirilýän şu günki duşuşyk örän ähmiýetli we öz wagtynda geçirilýär. Bu çäre pikir alyşmaga we çylşyrymly ýagdaýa baha bermäge hem-de ony ýeňip geçmegiň ýollaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
Goşulyşmazlyk hereketiniň häzirki başlygy — Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmekde ählumumy tagallalary utgaşdyrmak boýunça öňe süren başlangyçlary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde netijeli syýasaty üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.