Aşgabatda 13-nji maýda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi we maslahat geçiriler. Bu çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hökümet mejlisinde habar berdi.
Sergide ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň fotosuratçylarynyň, habarçylarynyň parahatçylyga, dostluk-doganlyga hem-de dünýäniň halklarynyň agzybirligine, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan işleri görkeziler. Häzirki wagtda serginiň işine dünýäniň ençeme döwletlerinden wekiller gatnaşmaga isleg bildirdi. Sergä gatnaşjak daşary ýurtlulara çäräniň açylyş dabarasynda wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etmäge mümkinçilik dörediler.