Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýramgeldi Öwezow anna güni “Türkmenistanyň gümrük serhedinde daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň ýeke-täk möçberlerini bellemek hakyndaky” Kararyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Wise-premýer sazlaşykly ulag syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, kanunçylygy hem-de nyrhlary sazlaşdyryp, gümrük, wiza we beýleki düzgün-kadalary kem-kemden ýönekeýleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Bu çäreleriň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatynyň, ýük daşalyşynyň hem-de daşary söwdanyň mukdarynyň artmagyna düýpli täsir edip biljekdigi aýdyldy.
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň düzümine girýän agentlikler tarapyndan degişli ugurda geçirilýän işler seljerildi. Şol seljerme işleriniň netijesinde, awtoulag serişdeleriniň aglaba böleginiň goňşy döwletleriň üsti bilen üçünji ýurtlara üstaşyr geçýändigini nazara alyp, ýurdumyzyň çäginden geçýän beýleki ugurlar boýunça daşary ýurt ýük daşaýjylary çekmek maksady bilen, her ugur boýunça aýratyn we bäsdeşlige ukyply nyrhlary kesgitlemek teklip edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda amala aşyrylýan taslamalaryň, şol sanda Türkiýä çykýan Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmegiň hem-de Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe hem-de Ýewropa – Kawkaz – Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini gurmagyň we işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.