Rimiň «Roma» klubunyň ozalky legendasy Françesko Totti, Ýuwentusyň derwezebany Jianluiji Buffonyň 50 ýaşyna çenli oýnamak isleýändigini mälim etdi.
«Size bir zady aýdaýyn – Buffon 50 ýaşyna çenli oýnamak isleýär. Ol ýene iki-üç möwsüm ýokary derejede oýnap biler diýip pikir edýärin. Barybir, ol häzir ätiýaçda oturýar» diýip, Totti özüniň Instagram sahypasynda ýazdy.
Bu möwsümiň başynda PSJ-dan Ýuwentusa dolanan 42 ýaşly derwezeban ähli turnirlarda 8 oýunda meýdança çykyp, derwezesinden 7 gol goýberdi.

«Newashgabat».