2020-nji ýylda G20-ä ýolbaşçylyk edýän Saud Arabystany Patyşalygy koronawirusa garşy göreşmek üçin halkara tagallalaryna 500 million dollar bölüp berjekdigini habar berdi. Bu haýyr-sahawat, adatdan daşary ýagdaýlarda ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň mümkinçiliklerini artdyrar.
Pandemiýa garşy göreşmek maksatly bagyş edilen bu pullar saglygy goraýyşda ýöriteleşen halkara we sebit guramalaryna we maksatnamalaryna siňdiriler.

«Newashgabat».