Russiýadaky weteranlar guramalarynyň wekilleri ýurduň prezidentinden Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda Moskwada meýilleşdirilýän harby parady yza süýşürmegi haýyş etdiler.
Netijede, Kreml ýubileý paradyny wagtlaýyn yza süýşürmek kararyny yglan etdi. Bu maglumatlar Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň administrasiýasy we Goranmak ministrligi tarapyndan tassyklandy.
Şu hepde resmi bildirişe garaşylýar.
«Newashgabat».