Real Madridiň derwezebany Tibo Kurtua iň gowy derwezebanlary agzady. Ol birnäçe derwezebanyň iň gowy taraplary barada durup geçdi.
“Garşydaşyň oýunçysy bilen bire-bir çykmak barada aýtmaly bolsa, bu babatda özümi iň gowusy hasaplaýaryn. Urgulara iň gowy garşylyk görkezip bilýän derwezeban Ýan Oblakdyr. Antwerpden Sinan Bolat çeýeligine buýsanyp biler. Onuň bilen «Genk» bile oýnapdyk. Ter Ştegen aýaklaryny gowy ulanýar. Alisson hem bire-bir ýagdaýlarda erbet däl. Ruhy taýdan güýçli derwezeban hakynda söz açylsa welin, ýene öz adymy aýdardym» diýdi, belgiýaly derwezeban.
«Newashgabat».