2-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Gahrymanlar baky ýaşar gursakda!» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän döredijilik işgärleri, Döwlet Serhet gullugynyň harby gullukçylary hem,-de talyplary gatnaşdylar. Bu barada žurnlayň resmi saýty habar berýär.
Bäsleşigi guraýjylaryň berýän maglumatyna görä, oňa 120 töweregi awtorlar öz eserlerini hödürlediler. Emin agzalar tarapyndan olaryň 25-si höweslendiriji baýraklara we «Aýdylman galan sözler…» atly eseri bilen Tawus Kakaýewa Baş baýraga mynasyp görüldi. Baş baýragyň eýesini dabaranyň gidýän pursatynda eminler toparynyň başlygy yglan etdi.
Ýeri gelende bellesek, Tawus Kakaýewa häzirki wagtda “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň bölüm müdiri bolup zähmet çekýär. Onuň özüniň bellemegine görä, bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp görlen eser – Tawusyň çeper döredijilikde ilkinji synanyşygy.
Ýeňiji gymmat bahaly döwrebap telewizor bilen sylaglanyldy.