Şort-trek boýunça alty gezek Olimpiýa çempiony Wiktor An özüniň sport karýerasynyň tamamlanandygyny habar berdi. Aslynda, ol professional sport bilen hoşlaşýandygyny ozal hem mälim edidpi, ýöne 2019/20 möwsüminiň öňýanynda buza dolanyp gelipdi. Şonda ol Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Russiýanyň milli ýygyndysyna saýlandy we birnäçe gezek hormat münberine çykmagy başardy.
“Geçen ýyl möwsüme taýynlyk gördüm, geljekde ökünmezlik üçin ýene bir gezek sporta gaýdyp barmak niýeti bilen, gaty köp işledim. Sport ministrliginiň we Russiýanyň konkiçiler birleşiginiň aladalary netijesinde, men aýratyn meýilnama boýunça taýýarlanyp bildim. Meniň pikirimçe, bu fiziki taýdan mazaly taplanmagyma we Dünýä çempionatynda gowy çykyş etmegime mümkinçilik berdi. Şeýle-de bolsa, häzirki formamyň başga bir möwsümi bolmalysy ýaly geçirmek üçin ýeterlik däldigini duýýaryn”-diýip, An “RIA Nowostide” çap edilen janköýerlere açyk hatynda aýtdy.
An dyzynda agyrynyň bardygyny boýun aldy. Netijede, ýaryşdan soň dikeldiş, bejergi we reabilitasiýa köp wagt alýar. Beýle şertlerde doly türgenleşmek juda kyn.
“Dyzymdaky hemişe bimaza edip duran agyrydan başga-da şikesler hem ýüze çykdy, sagdynlygy saklamak gitdikçe kynlaşýar. Şonuň üçin hem uly sportdan gitmegiň wagty geldi” -diýip, An belleýär.
Onuň pikiriçe, sport karýerasyny dowam etdirmek üçin diňe höwes ýeterlik däl. Şonuň üçinem ol şeýle karara geldi.
Wiktor An alty gezek Olimpiýa çempiony, 2011-nji ýylyň dekabryna çenli Koreýa Respublikasynyň adyndan cykyş etdi. 2006-njy ýyldaky Turin oýunlarynda Koreýanyň milli ýygyndysyna üç sany Olimpiýa altyn medalyny getirdi. Soçide geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bolsa Russiýada adyndan çykdy we üç altyn bir bürünç medal getird