Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 159 374 sany kompýuteri satyn almak, 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara 1-nji synp okuwçylary üçin kompýuter tehnikalarynyň programma üpjünçiligine, okuw wezipesine hem-de çagalaryň saglygy üçin howpsuzlyk ölçeglerine bildirilýän häzirki talaplara laýyklykda, olaryň öndürilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu işiň baş maksady ýurdumyzyň bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.