«Vissel Kobe»-niň ýarymgoragçysy Andres Iniesta karýerasyny bu ýakynda tamamlamak niýetiniň ýokdugyny mälim etdi.
Barselonanyň öňki kapitany, bu klubda onuň bilen bile oýnan oýunçylar ýaly güýçli nesliň ýene-de gaýtalanyp biljekdigine ynanýar.
«Ozalky oýunçylar hiç haçan gaýtalanmaz, ýöne klub ulgamynyň gowy kemala gelendigini nazara alsak, indiki nesiller erbet bolmaz. Men Puyol bilen Wiktor Waldesiň, soň bolsa Xawiniň gitmegine şaýat boldum …
Karýeramy mümkin boldugyça dowam etdirmek isleýärin. Köpräk futbol oýnamak isleýärin, sebäbi bu maňa lezzet berýär. 2021-nji ýyla çenli şertnamam bar, ýöne her möwsümiň ahyrynda ýagdaýa seredýärin. Häzir ýagdaýym gowy, bu meni ruhlandyrýar. Oýnamagy dowam etdiresim gelýär we şu wagt şu ýagdaýdalygyma begenýärin.
Aýdyşym ýaly, karýeramy tamamlanymdan soň, Barselona gaýdyp bararyn.

«Newashgabat».