Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, tejribeli itşynaslar we beýleki hünärmenler gatnaşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin bu assosiasiýany döretmek, onuň Tertipnamasyny tassyklamak, assosiasiýanyň ýolbaşçysyny, müdiriýetiniň agzalaryny, gözegçilik-derňew toparyny saýlamak baradaky meseleler girizildi.
Maslahatyň barşynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek barada resminamalar kabul edildi, onuň gün tertibiniň beýleki meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça çözgütler çykaryldy. Assosiasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine Serdar Berdimuhamedowy saýlamak teklip edildi. Ses bermegiň netijesi boýunça ol bu wezipä biragyzdan saýlanyldy.
Täze assosiasiýanyň öňünde hem alabaýlaryň gymmatly häsiýetlerini gorap saklamak we ösdürmek wezipesi durýar. Bu tohumyň kemala gelmegi babatda asyrlardan gelýän däplere eýerilmegi onuň ajaýyp häsiýetlerini saklamaga kömek eder. Şol häsiýetler türkmen alabaýlaryny beýleki tohum itlerinden tapawutlandyrýar.
Alabaý birnäçe müňýyllyklara uzaýan durmuş synagyndan üstünlikli geçdi. Şoňa görä-de, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi täze eýýamda onuň taryhy nesil daragtynyň mynasyp dowam etjekligidir.