28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wideokonferensiýa guralyp, onda Beýik Britaniýanyň «University College of London» ýokary okuw mekdebiň Arheologiýa institutynyň professory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýüpek ýollary boýunça baş maslahatçysy Tim Uilýams göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda guralan onlaýn sapagyň temasy «ÝUNESKO: Ýüpek ýollary we gadymy Merwiň tutýan wajyp orny» diýip atlandyryldy. Leksiýanyň dowamynda meşhur arheolog Merwiň bu abraýly sanawa goşulmagynyň esasy aýratynlyklary, onuň gaýtalanmajak siwilizasiýa hökmünde ylym-bilim, sungat-medeniýet ýaly ugurlarda gülläp ösmeginiň esasy sebäpleri dogrusynda giňişleýin gürrüň bermek bilen, hut Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşendigi sebäpli Merwiň öz döwrüniň beýik şäherleriniň biri bolandygy hakynda anyk delilleri getirdi. Bilşimiz ýaly, «Gadymy Merw» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy umumadamzat möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni miras hökmünde 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.