BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.
Bellenilişi ýaly, täze Ýurt Maksatnamasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň many-mazmuny beýan edilýär. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini, ýagny, 17-sini milli derejede kabul eden ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Şolaryň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda EKOSOS-yň Syýasy forumynyň çäklerinde Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça ilkinji Meýletin milli synyny hödürledi. Ol BMG-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň esasy ugurlary we ony durmuşa geçirmäge çemeleşmeler barada pikir alşyp, Türkmenistanyň we BMGÖM-niň ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine laýyk gelýän köpugurly netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.